Lebapda ten satýan aýallara we LGBTQ+ wekillerine garşy reýd geçirilýär

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ten satmak bilen meşgullanýan aýallara we LGBTQ+ jemgyýetiniň, ýagny jynsy azlyklaryň wekillerine garşy reýd geçirilýär. Reýdleriň dowamynda onlarça raýat tussag edildi. Bu ýagdaýlar barada tussag edilen raýatlaryň ýakyn hossarlarynyň we şäher polisiýa bölümindäki çeşmeleriň birnäçesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar

Пікірлер

    Келесі