HG: Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy

Şu günki programmamyzda:
- Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň ene-atalarynyň iň aladaly döwri - baha düzediş möwsümi başlandy. Çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmek isleýän, ýöne wagtynda olaryň öý işlerini barlamaga wagt tapmadyk adamlar para, pul berip, gowy bahaly gutardyş şahadatnamasyny almaga çalyşýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
- Aşgabadyň çetindäki Büzmeýinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulyp başlandy. Ýaşaýjylara birnäçe aý öňünden duýduryş edilende, ýykylan öýleriň deregine täze jaý beriljegi aýdylypdy. Indi öýleri ýykylýan ýaşaýjylar özlerine teklip edilýän täze jaýlary bahasynyň aratapawudyny töläp, Arkadagdan satyn almaly boljagyny bilip galypdyr. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ýagdaýyň käbir jikme-jiklerini anyklady.
- Ukrainanyň ýokary derejeli generaly 28-nji aprelde Kiýewiň gündogardaky goşunlarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny, Russiýanyň “ähli front” boýunça hüjüm edip, “käbir taktiki üstünlikleri” gazanandygyny we ukrain goşunlarynyň täze goranyş pozisiýalaryna yza çekilmäge mejbur bolandygyny duýdurdy.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar

Пікірлер: 2

  • @SerdarJumakulow
    @SerdarJumakulow20 күн бұрын

    Ŷalan eŷle zat ŷok

  • @user-pj3vv5ke5b
    @user-pj3vv5ke5b20 күн бұрын

    тувелем пара сезон башлады😂😂😂. аркасикла шохрат😂😂😂

Келесі