HG: Daşkentde geçirilen Magtymguly Pyragy çäresine çagyrylmadyk özbek azlyklary lapykeç bolýar

Bu günki programmamyzda:
- Ýerli çeşmeler Türkmenistanda ýaşaýan prawoslaw hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň öňüsyrasynda özlerini keseki we gerekmejek adamlar ýaly duýýdandyklaryny habar berýärler. Bu häkimiýetleriň dini azlyklara edýän basyşlary bilen baglanyşykly. Türkmenistan kanunda kepillendirilen din azatlygyny yzygiderli bozmakda, diňe dini azlyklaryň wekillerini däl, yslam dinine uýýanlary hem berk yzarlamakda we, esassyz, dürli bahanalar esasynda, ýowuz jezalandyrmakda tankyt edilýär.
- Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklarynyň wekilleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Daşkent şäherinde geçirilen halkara maslahata özleriniň çagyrylmandygyny we bu ýagdaýyň özlerini lapykeç edýändigini aýdýarlar.
- Günbataryň "prowokatiw beýanatlary" diýilýäne gahary gelen Russiýa, öz sözlerine görä, taktiki ýadro ýaraglaryny ulanmaga taýýarlygyny üpjün etmek üçin, harby türgenleşik geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar

Пікірлер

    Келесі