HG: Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär

Şu günki programmamyzda:
- Balkan welaýatynda iki hepdeden gowrak wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, şeýle-de bankomatlarda nagt pul goýulmaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de sebitiň ähli etraplarynda 18-nji iýundan bäri bankomatlara nagt pullaryň goýulmandygyny habar berýär.
- Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň birnäçe etrapçasynyň ýaşaýjylary zir-zibil çelekleriniň dolup-daşyp, daş-töwerege ýiti ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyndan şikaýat edýärler. Olar muňa çelekleriň wagtynda arassalanmazlygy bilen bir hatarda, olaryň eýýäm düýpli täzelenmäge mätäçliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
- 5-nji iýulda Eýranda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryndaky ses berişlikler başlandy, 28-nji iýunda geçirilen ses berişlikde, saýlawa gatnaşygyň rekord derejede pes bolmagy bilen, hiç bir dalaşär açyk ýeňiji diýlip ykrar edilmek üçin ýeterlik boljak goldaw alyp bilmedi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar

Пікірлер