Gurbannazar Ezizow - Dünýäde her kimin öz gylygy bar...

Facebook: turkmen.agtygy
Instagram: / turkmen.agtygy
Twitter: / turkmenagtygy
VK: turkmen.agtygy
➡TÜRKMENÇE
Dünýäde her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap seçgin diýdiler.
Edep-sypaýyçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn diýdiler.
Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowalap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi asyl gaty görmedi.
Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durkam, kastlary bar ýaly,
Sypaýylygymyň dulugyna çaldylar.
Sypaýyçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýyçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýyçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýyçylyk bilen etdiler baryn.
Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk,
Ajyň ýokmy - süýjüňe-de garaşmaz.
Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi,
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsiýet duş gelýän güni,
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?
Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýyçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.
Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze batýan sagdyn gödeklik!
➡TÜRKÇE
Dünyada herkesin kendi huyu var
İyileri ayırıp seçin dediler
Edep-efendilik insanı bezdirir
Her zaman kabalardan kaçın dediler
Dedikleri gibi, kaçtım da gittim
Kabalık da beni kovalayıp gitmedi
O önüme çıksa yüzümü çevirdim
O ne derdi asıl çok görmedi
Efendi denilenler oluyor her türlü
Çokça edepliler beni bir yere taşıdılar
Durup dururken, kasıtları var gibi
Efendiliğime tokat attılar
Efendilikle hürmet ettiler
Efendilikle adımı taşıdılar
Efendilikle az sattılar
Efendilikle yaptılar hepsini
Sonra yine dediler yanıma gelip
Mert yiğide kibar olmak yakışmaz
Vardır insanlarda şöyle bir huy
Acın yoksa, tatlına da bakmaz
Öyleyse, yalakalık, kendi yapısının direği
Kıskançlık hem de çok çok patavatsızlık
Huy-kişilik ortaya çıktığı gün
En kötü huy mudur nezaketsizlik
Baş göstermek gerek böyle huydan
Ne kadar derin düşünsen o kadar da iyi
Sırtına bıçak saplayan efendilikten
Çene çalan kabalık iyi
Ey siz efendiler, ben dengime bakan
Gelmeyiverin adam toplayıp, dökülüp
Yaşasın hak için kulaktan çeken
Direk göze batan saf kabalık
background by E. Dzholdoshbekov (edited)

Пікірлер: 2

  • 4 жыл бұрын

    📚Elektron KITAPHANA📚 - PDF kitap okaň!!! - vk.com/@turkmen.agtygy-kitaphana - 📬Bizi beýleki sosial ulgamlardan yzarlap bilersiňiz! 👉Facebook: fb.com/turkmen.agtygy 👉Instagram: instagram.com/turkmen.agtygy 👉Twitter: twitter.com/turkmenagtygy 👉VK: vk.com/turkmen.agtygy

  • @user-wb9kw6zo7v
    @user-wb9kw6zo7v4 жыл бұрын

    Гайталанмажак адамлар, ажайып сетирлер