Goşgy - Klasdaş

Музыка

Agza bolmagy unutman!
©Asia Media
Habarlaşmak üçin: asiamedia42@gmail.com
Kanalyma hoş geldiňiz! 👍 "Like" 👍 goýmany we Teswirlere öz pikirnizi yazmagy unutman!
#goşgylar #klasdaş #turkmen #batyrmuhammedow2020 #bagyshlameni #Owadanowaz #batyrchapay
#batyrmuhammedow2020 #tansatarap #Berdibu #Owadanowaz #batyrchapay #mediatm #berdib #owadanaydym #Myahri #tmrap #Tanset #yyldyzalbomy #myahriyyldyzalbomy #mahriyyldyzalbomy #Myahriyyldyz #amalia #amalia2020 #mahriayterekgunterek #ayterekgunterek #sbeater #Saprano #zumer #lachynmammedowa #myratowez #tarkan #hajyyazmammedow #nurymeredow #yagshy #myratmolla #zuleyhakakayewa #bolsanbolya #bolsanbolyar #amalia #amaliamenzemeyan #Menzemeyan #амалиа #амалыа #амалия
#амалыя#owadanowaz

Пікірлер: 108

  • @asiamedia42
    @asiamedia423 жыл бұрын

    Klasdaş.. Uly ýola garap dymyp otyryn, Çykyp gyradaky çile klasdaş. Müñ bir gaýgy gama çümüp otyryn, Berlip müñ ham hyýala klasdaş. Birmahallar şadyýandym, alçakdym, Wah bolmady şo bolşuma galjakdym, Söýgüniñ yzynda ylgap daljykdym, Tas dönüpdim sañsar mala klasdaş. Mekdebe gatnardyñ bezäp bu ýoly, Bu görnüş gözümden gidenok häli, Eliñ portfelli çykaýjak ýaly, Şinni-şinnem bakýan ýola klasdaş. Daşyndan paklygy bildirmez hozuñ, Tamşanyp galarsyñ ýagjarmaz agzyñ, Içinden on alty klasdaş gyzyñ, Seni söýdüm ala-böle klasdaş. Dinden çykman, ilden çykman gezendiñ, Üýtgeşik däl, iller ýaly bezendiñ, Sen ýönekeý köýnekde-de gözeldiñ, Girmeseñde ýüpek şala klasdaş. Saýlap seçip obañ gözel gyzyny, Saýlap seçip baýramalyñ uzuny, Gülkem bolsa, deñärdim men özümi Görogla hem Rüstem zala klasdaş. Öýüñiz ýerleşerdi boýunda kölüñ, Kenary doýurardy obanyñ malyn, Bizde mal ýoklugy bolsada mälim, Günde on gatnardym köle klasdaş. Golaýyñyzdan geçenimde her gezek, «Klasdaş gurgunmyñ» diýmäne derek, Utanyp gyzardym, ýadyñda gerek, Ýokdurla sözümde hile klasdaş. Gyzaardym öl suw bolardym derläp, Geplejek bolsamda nepesim durlap, Walla, bir agyzam bilmezdim gürläp, Öwrülerdim güñe, lala klasdaş. Nädeýinda, elden aldyñ erkimi, Söýgi şeýle güne salýar herkimi, Elim bilen, galam bilen görküñi, Saldym şygyr atly göle klasdaş. Señ adyñ ornunde başga at goýup, Biläýsen bigelşik boljagyny duýup, Goşgymy görkezdim «barlap ber» diýip, Mugallymym Aýjemala klasdaş. Syr bildirmän ýanyñdaky geline, Şol goşgymy tutdurypdym eliñe, Ýüz gözüñi çirkizip ot-ýalyna, Gaýnadyp otyrkañ pi;le klasdaş. Tomus gowga tutanynda mekine, Suw alýarkak suwsap giden ekine, Arma berdim men çekine-çekine, Agramymy atyp pile klasdaş. «Bar bol oglan» diýdiñ näz edip çala, Bu uly sowgatdy biz ýaly gula, Seni meñzederdim açylan güle, Geýineñde gyzyl-ala klasdaş. Atym çaýly haltañ bagyny işip, Durkañ çal soradym oýun edip degşip, Men özüñe teşne, özüñe aşyk, Mätäç däldim çaýa, çala klasdaş. «Çal bolmasa çaýa tapylar hökman, Ýañjajyk demledim içäý howlukman» Diýip meniñ garşylygymada bakman, Çaý uzatdyñ bir piýala klasdaş. Yssydy. Egniñde ýuka eşikdi, Ýygnanan suw böwet jüwi deşipdi, Beklemäge egileñde düşüpdi, Gözüm göwsüñdaki hala klasdaş. Añlasamda seniñ añmaýanyñy, Duýdurmajak boldum synlaýanymy, Soran boldum ýeriñ gekdar sanyny, Bakyp uzakdaky käle klasdaş. Kälden añyrda-da kanal akardy, Nan oklasañ balyjaklar bökerdi, Sil gelende hanasyny ýykardy, Bäsdeşdi Jeýhuna, Nile klasdaş. Tutuş klas bolup seýle giderdik, Bahana tapmasak şeýle giderdik, Ol günleri bir çak elden gidirdik, Dogrusy gorkardyk, heder ederdik, Münsek gaýyga ýa, sala klasdaş. Joralaryñ bilen aýdardyñ aýdym, Diñlap, synlap, söýüp ber başagaýdym, Men «söýgü kanaly» diýip at goýdum, Gelşip dur ol kanala klasdaş. On adamyñ güýji bardek özüñde, Barymyzy gepe goýup yzyñda, Kän pagta ýygardyñ ýylyñ güýzünde, Partygyñy dañyp bi;le klasdaş. Seniñ eliñdedi bagtymyñ bagy, Ýygan pagtamyzyñ ölçenýän çagy, Ýylgyryp ýüzüme seretseñdagy, Men şol gün sygmazdym gola klasdaş. Häzir bolsa keýpim bolsada berbat, Ýadyma düşende aýdaýyn bir zat, Meñ ýygan pagtamy çekende birgat, Orsçalap diýerdi «mala» klasdaş. Gamly garap saýlanardyñ o ýerden, Bu bolşuñy görüp beter suýardym, Hem göwnüñi tapjak bolup diýerdim, «Ünüs berýän sana däl, hile» klasdaş. Ýagman-ýagman birden ýagşydeý buludyñ, Ýagman-ýagman birden garyña galdym, Namys ede-ede ýygymçy boldum, Senden yza gala-gala klasdaş. Yşkym, söýgüm haýdamana yrardy, Üstü başym pagta bolup durardy, Meni saña has-da ysnyşdyrardy, Partyklarym dola-dola klasdaş. Halaşsa ýaş gyzlar «jahyl» diýdiler, Duşar bir-birine ahyr diýdiler, Ikimize «Zöhre-Tahyr» diýdiler, Gürrüñ bolduk uly ile klasdaş. Nobatçylyk edýän günüñi bilip, Hemmeden öñürti klasa gelip, Düýnki, gizlap giden hekimi alyp, Adyñy ýazardym pola klasdaş. Indi gorkýan. Şonda nädip başardym, Tutup el degmedik appak goşardan, Günertan duşmagy wadalaşardym, Gelmelidiñ sport zala klasdaş. Söýgä düşinerden entekler ýaşdyk, Söýgüniñ elinde bendi-di ýaşyk, Ikilik alardyk, alardyk bäşlik, Yşk sebäpli beýle hala klasdaş. Maryda pal atdyrdym bir sigana, Onuñ aýdanlary ot saldy jana, Baş söýgüde gowuşma ýok ynsana, Şondan bäri uýýan pala klasdaş. Ýer dälde, ýüregim sarsdy birden, Beýle hasrady götärmi gerden, Sen bir ýerden çykdyñ, men başga ýerden, Düşdi söýgümize çile klasdaş. Neşebend ataña pul gerek boldy, Özi hem az kös-däl bol gerek boldy, Ötene-geçene elserek boldy, Ymykly çökensoñ dula klasdaş. Neşäñ hasabyna salyndy galyñ, Bal tutan ýalarmyş barmagynyñ balyn, Eneñem yşkyña düşüpdi pulun, Garaz nätjek gybat bolduk bir salym, Deñe-duşa, deñ-duş däle klasdaş. Bagtymy baýlygymy elden gidirdim, Ýeke çekmek agyr söýgüniñ derdin, Öz obañdan näme ýamanlyk gördüñ, Gelin bolduñ, ýat obala klasdaş. Edeniñ bar bola, goýduñ ne halla, Indi hiç bir zatdan tapamok dalda, Öñden bagtsyz doglupdyryn fevralda, Nalyş etdim kem fewrala klasdaş. On sekiz ýyl ekläp-saklap azyndan, Oba dyndy ýene-de bir gyzyndan, Soñky ýola garap galdym yzyñdan Garap galdym soñky ýola klasdaş. Saklajak güýç ýok adam bir yñansoñ, Tas özümi öldüripdim ynansañ, Aglap-aglap, aglap köşeşdim onsañ, Ösdi kirpiklerim öle klasdaş. Durmuş, mekdep sapak berer öwrenseñ, Bagt ketjaldyr, gelmez ýüzün öwrensoñ, Meniñ lellimligimi ýigren ýigrenseñ, Ýöne, yhlasymy syla klasdaş. Serhoşdym, söýgüden kellesi göçen, Bagyşlanýan däldir söýgüden gaçan, Bagyşlama, bagyşlama hiç haçan, Şonda çekilelimi tyla klasdaş. Soñ-soñlaram görsem palçy aýaly, Aýra düşenimize sebäpkär ýaly, Göwnüme getirip erbet hyýaly, Ýüz bermedim ol aýala klasdaş. Hol gün gürrüñ berdi jorañ Aýsenem, Tüssa çalyşanna atañ hem eneñ, Takdyra ten berip aglapsyñ senem, Göz ýaşyñ döndirip sile klasdaş. Toýuñda-da oturypsyñ keýipsiz, Özüñi ýazykly, müýnli duýupsyñ, - «Ene mukadesmi, söýgi?» diýipsin, Partadaşym Annahala klasdaş. Ykbal aýralyk salmasyn hiç ara, Oñ oñünde adam pahyr biçäre, Diýýärlerä: «Boljak işe ne çäre» Peýdasy ýok çekme, nala klasdaş. Adam owal enäñ çig süýdin emmiş, Şoñ üçin azajyk akly kemmiş, Ýazgydyñ ýanynda bizdagy kimmiş, Garşy giden ýok ykbala klasdaş. Bolsañda sen enäñ, atañ gurbany, Senden eý gördüler puldur dermany, Çykardylar saña ýowuz permany, Duçar bolduñ ýaman päle klasdaş. Ýöne, şolar seni dünýä getiren, Balam diýip gujagynda göteren, Az pursatlyk akylyny ýitiren Adamlardan etme gile klasdaş. Ýene-de düýşümde gördüm arada, Sag-salamat gez gezseñde nirede, Goşgy goşdum köýen söýgüm barada, Hala ýigren hala, «hala» klasdaş. Gaýgy gussa barýar ömrümi kertip, Söýgi ýüregimde goýupdyr bertik, Bile düşen suratlarymyzam ýyrtyp, Seçeledim saga, sola klasdaş. Bulanyk suwly ýap durlansa ýagşy, Her kitap añyñy durlasa ýagşy, Adam her hal üýtgäp durmasa ýagşy, O şemala, bu şemala klasdaş. Öñ söýgümdiñ, inni bolduñ ahmyrym, Beýle bolar öýtmändim ahyry, Ýatlap durgun, bardygyn öz şahyryñ, Ýoluñ düşse Baýramala klasdaş. Akyl senne, edep senne, görk senne, Perman senne, buýruk senne, erk senne, Gowy gyzlar köpem bolsa türkmenne, Soñ duşmadym özüñ ýala klasdaş. Birje soragym bar, bersene çözüp, Göwne makul bolsa içeýin ezip, Ynsan heý söýgüsiz bilermi gezip, Jogap agtar şu sowala klasdaş. Söýgi däldi küýsedýän bir-biregi, Söýgi däldi ömrümiziñ diregi, Berk bolanson söýgümiziñ goragy, Ýetmän galdyk biz wysala klasdaş. Bazarda duşanda doganym Sona, Ýatladyp ýaşymyñ ýetenin çene, «Öýlendimi?» diýip sorapsyñ ýene, Göz ýaşyñy syla-syla klasdaş. Seni unutmanyñ tapmansoñ tärin, Howwa, men henizem öýlenmän ýörün, Alada basansoñ ýüregmiñ törün, Saçlarym boýaldy çala klasdaş. Öñem telim diýipdimle ýüzüñe, Men wepaly borun beren sözüme, Senden özge gyz görünmez gözüme, Ah läle klasdaş, läle klasdaş. Saña bagyşladym gör näçe setir, Bir demde ýazanymam göz öñüne getir, Düýn söýenime, şu gün söýenime ertir, Söýjegime şol güwäle klasdaş. Mekdebe gatnardyñ bezäp şu ýoly, Bu görnüş gözümden gidenok häli, Eliñ partfelli çykaýjak ýaly, Şini-şinnem bakýan ýola klasdaş. Bolup otursamda bu ýola bendi, Ondan özge gyzlar gatnaýa indi, Hanha ýene bir topar gyz göründi, Keýpimi düşürip nola klasdaş. A olar şadyýan, yüz gözleri terk, Ýaşlyk hyjuwyndan sämeleýär serk, Görjekleri öñde şu gyzlary bir, Goý ykbal tutmasyn ala klasdaş. Sonalar, şemşatlar, güller besdirler, Yşk matasyn ýedi ölçäp kessinler, Söýüp-söýlüp arzuwlaryna ýetsinler, Duşmasynlar hiç zowala klasdaş, Hiç zowala klasdaş, Ah, läle klasdaş, läle klasdaş.

  • @dossantosaveyro3782

    @dossantosaveyro3782

    Жыл бұрын

    Ay sagja bola watandas. Gynanyp depdere gocurip otyrdym. Yarsyna yetemsoñ, komentariyalara gozum dusaydi. Kabir yerinde yalnysypsyñ, zyýany ýok. Ol ýerlerni ozum duzederin

  • @user-bp9dt5nq7h

    @user-bp9dt5nq7h

    10 ай бұрын

    Malades ✊✊

  • @user-th7ol5wp1m

    @user-th7ol5wp1m

    4 ай бұрын

  • @user-dp1ol9ei6q

    @user-dp1ol9ei6q

    3 ай бұрын

    Ömrün uzak bolsun

  • @user-kv8sn1et3q

    @user-kv8sn1et3q

    12 күн бұрын

    ❤😢💞 dostum ýene-de şular ýaly goşgular ýazmany isleýärin ömrüň uzag bolsun

  • @GuwancOrazow-gy7yx
    @GuwancOrazow-gy7yx2 ай бұрын

    Agamjan sul gosgyny ence yyl bar dinlap gelyan gowy duzupsun ❤❤❤❤❤❤❤❤❤

  • @asgabadyneyjejigi5445
    @asgabadyneyjejigi54453 жыл бұрын

    Dinlap doyup bolanok 😍😍😍👍👍👍👍👏👏👏👏👏👏👏👏

  • @user-ef5ro4gt3m
    @user-ef5ro4gt3m7 ай бұрын

    Berekella agamjan galamyn mundan beylak hem yiti bolsun

  • @atashanmedow6640
    @atashanmedow66403 жыл бұрын

    Тувелеме тувелеме аллажан омурини узак этсин яшлыгы яда салдын .шахыр хакыкы шахыр сойгуден янып шол сойги диен одын козуне шахыр дийилендир!!🌹🌹🌹🌹🌹👍👍👍😥😥

  • @iateireiateir9589
    @iateireiateir95893 жыл бұрын

    Goşgyny diňlesem ýüregim dilim dilim bolýar...😔😔😔

  • @veramulenkova9297
    @veramulenkova92972 жыл бұрын

    Динлап,динлап,доймадым.гошга соз йок.😔😔😔😔😔

  • @user-gs4vg6uc6r
    @user-gs4vg6uc6r3 ай бұрын

    Шу гошгы душунян учин гаты гуйчли гошгы динлап доюп боланок❤❤❤

  • @gulnabatmammedowa2544
    @gulnabatmammedowa25443 жыл бұрын

    Вах вах сесине тувелеме шахыр зехинине тувелеме

  • @kemalkurbanov7070
    @kemalkurbanov70703 жыл бұрын

    Her ýürekde başa barmadyk söýgi zerarly hasrat bar, hemmesinde bolmasa-da köpüsinde bardyr. Bu hakyky söýgä bagyşlanan ahmyrly goşgy her bir ýanan ýüregi agyr ýatlamalara salýar .( Nostalgiýa .)

  • @rejepnazarow1472
    @rejepnazarow147226 күн бұрын

    😢❤Gaty ýerine düşüpdir hyzmatyňyza saglyk şeýle goşgyny aýdym üçinsem ulansalar hasda gowy bolardy

  • @annamyrathezretow2790
    @annamyrathezretow27902 жыл бұрын

    Allatagalla Bu yalncy dunya inen her bir bendesinin!!!! Ilki KYBLADAN son KÄBEDEN sonam DURMUS ykbalyndan ayyrmasyn. SAHYR galamyn ujy yiti bolsun!!!

  • @user-ic8ck9xn8k
    @user-ic8ck9xn8k3 жыл бұрын

    Sozum yok doos jan 🇹🇲🇹🇲🇹🇲👍👍👍👍🌹🌹🌹🍻🍻🤙🤙🤙

  • @melekannamuradowa6684
    @melekannamuradowa66843 жыл бұрын

    Gosgyny dinlap doyubolanok ilkinji soygudir adamyn yuregini yerinden sarsdyryan😢😢😢😢😢😢😢

  • @sagellisagelli157

    @sagellisagelli157

    3 жыл бұрын

    Sesine saglyk duzenede bularyaly yurege yakyn gosgyny birinji sapar gabat gelyan MALADESS

  • @youtube.com_ru7884
    @youtube.com_ru78843 жыл бұрын

    Gaty gowy gosgy sesin belent bolsun agam

  • @googleunwersal4033
    @googleunwersal40333 жыл бұрын

    Gaty gowy söz yok ,ýùregiñden ok bolup geçýà aýdýanlaryñ .Agam senden ýenede tàze goşga garaşýas 🤝👍

  • @nazarannayew2507
    @nazarannayew25073 жыл бұрын

    Hakyky yat boldy klasdaşlarym.

  • @AkmyratKasymow
    @AkmyratKasymow4 күн бұрын

    Meň iň gowy gorýan gosgym. Kerim agaň gosgylaryny ýadyma salýa. Sahyr omriň uzak bolsyn. Gozlerime ýas aýlandy diňlap bu gosgyny.😢

  • @user-oe8es9nj8n
    @user-oe8es9nj8n3 жыл бұрын

    Wah klasdaş Lale klasdaş😔😔

  • @desantwdw9477
    @desantwdw94772 жыл бұрын

    Sag bol gadyrly Okan adam Mahriban agam!!!

  • @hursitalbayram9248
    @hursitalbayram9248 Жыл бұрын

    Sesine emegine saglyk seyle gowy okapsyn 😍😍😍😍😍😍

  • @user-ef5ro4gt3m
    @user-ef5ro4gt3m5 ай бұрын

    Agam janyn sag omrun uzak bolsu gaty onat duzup ve aydypsyn allajan soygiden yananlara sabyr bersin ❤❤❤

  • @user-dp1ol9ei6q

    @user-dp1ol9ei6q

    3 ай бұрын

    Ämin

  • @s.beater28
    @s.beater283 жыл бұрын

    Hem layk hem potvisasya bet agzyna saglyk...

  • @permanorazov6062
    @permanorazov60623 жыл бұрын

    Tüweleme: goşguny ýazana hem okana minnetdar, (ON-s aga goşguny diñläp señ ýanan zehiniñ ýylysyna çoýundum) Berekella agam 👍👍👍

  • @markholman1992

    @markholman1992

    Жыл бұрын

    Yazanam okanam bir adam gosgyn eyesi

  • @user-te5rf3my3z
    @user-te5rf3my3z5 ай бұрын

    Goşgyň awtory kimka kimem bolsa jany sag bolsun ýüregimi bildiň agam

  • @user-dc3qo3ih3w
    @user-dc3qo3ih3w6 ай бұрын

    Sag bol minnetdar prosta sozum yok yurege girya soz

  • @olekjumayew6309
    @olekjumayew63093 жыл бұрын

    Owadan goşgy ✊👍

  • @WepaBayramgeldiyew-jz1dz
    @WepaBayramgeldiyew-jz1dz2 ай бұрын

    Гунде 10 гезек динлеян ,вообще соз йок,бу гошга,омурине омур гошулсин Ким дузенем болса,1000 Яша агам

  • @aysereahmedova7669
    @aysereahmedova76693 жыл бұрын

    Yat bolup gitdinle Klasdash😿

  • @AlysirDurdyyev
    @AlysirDurdyyevАй бұрын

    ❤❤❤❤❤млдс соз ёк

  • @yolamanhoshwagtow3393
    @yolamanhoshwagtow33932 жыл бұрын

    Бу гошгыны язан Адам уйтгешик Адам болмалы сагболсун окан Адам учинем Алла кувват берсин

  • @MerdanPygyyev

    @MerdanPygyyev

    4 ай бұрын

    Goşgyny yazan Marydan bu wagt Arçmanda yaşaya diyip eştdim kitap gazyetde işleya diyip eşdipdim 5 yyl boldy eşdenme

  • @user-jc7rq6rw6f
    @user-jc7rq6rw6f Жыл бұрын

    Саг бол дост ине шахыр таналоногам шулар ялы талант кимка бу шахыр

  • @user-dc3qo3ih3w
    @user-dc3qo3ih3w6 ай бұрын

    Beyik sank peterburgyn adyndan baryna Salam Su goshy ucin

  • @annacharybalhyyew4221
    @annacharybalhyyew42213 жыл бұрын

    Sag bol malades agam

  • @yenisasyrov3172
    @yenisasyrov31723 жыл бұрын

    sag bol agam şul goşgyny gunde 5 gezek diñleyän

  • @workoutgym6648
    @workoutgym66483 жыл бұрын

    Wah klasdaş klasdaş😔😔😔😔

  • @ahmetkabatas1113
    @ahmetkabatas11132 жыл бұрын

    Okayan Mary turkmengalaly diktor yazan bayramalin bir oğlanı hakiki bolan zad ...

  • @hanmuhammethandurdyyev9299

    @hanmuhammethandurdyyev9299

    Жыл бұрын

    Шол йигитлен омруне берекет язанын оканын Ютуба гоянын саг болун

  • @kakajanatayew361
    @kakajanatayew361 Жыл бұрын

    BU GOSGYNY YAZAN BAYRAMLYDAN ORAZNEPES BAYRAMOW 2 YYL BOLDDY ARADAN CYKANYNA HAKYKY BOLAN WAKADAN DUZULEN GOSGY

  • @Sohwet
    @Sohwet4 сағат бұрын

    Sagwol agam bet gosgy

  • @hocamagahocab1494
    @hocamagahocab14943 жыл бұрын

    Хакыкы сойги

  • @user-kn7cj5xe8k
    @user-kn7cj5xe8k3 жыл бұрын

    Diñlap.yuregim aglady😔😔😔😔😪😪😪hide geçen yyllar yzyna bir saparjyk dolanmyzmyka.uuuuuffff ol mekdep yyllarym.we yaşlygym.goşgy meni kop kop oya battrdy.goy hemme klasdaşlarymyn jankary sag bolsun.elmidama birribirege gorişip duralyn😔😔😔😔😔

  • @hojamyratbegenjow5919
    @hojamyratbegenjow59193 жыл бұрын

    agam omrume beyle gosgy dinlemedim.Kopkop sagbol agam.

  • @Gulistan88
    @Gulistan885 ай бұрын

    Amerikadan salamlar şu goşgyny Merdan okaýamyka bilip beraýiñ şeýle gowy bolupdyr

  • @bayrambayram7611
    @bayrambayram76113 жыл бұрын

    Agamjan sesigene saglyk yone gosgyny duzenni tanayan Oraznepes Bayramow duzen

  • @bizindurmushumyz8078

    @bizindurmushumyz8078

    3 жыл бұрын

    Salam.dosdum..Gowumy yagadaylaryn..?? Men shu goshgyny juda gowy goryan..Ozumem goshgy duzmek bilen meshgullanyaryn..Shu "klasdash" atly goshgyny kim duzdika we nireden..Men shu shahyr bilen didarlashmak isleyan..!! Mumkin boldugyndan maglumat beraysen..!!

  • @sportalemi5928

    @sportalemi5928

    3 жыл бұрын

    nomerin yazay dost

  • @bizindurmushumyz8078

    @bizindurmushumyz8078

    3 жыл бұрын

    @@sportalemi5928 +79041926102

  • @didarhummedow5158

    @didarhummedow5158

    Жыл бұрын

    Shon inisi men

  • @rovacgurbandurdyyev5368
    @rovacgurbandurdyyev53684 ай бұрын

    Yananlar kop oydyan 😅61 mun adam

  • @user-qj3sl5yk3e
    @user-qj3sl5yk3e24 күн бұрын

    Mekan tamada 👏👏👏👏👏👏👏👏👏👏

  • @user-eg6sg8yg9i
    @user-eg6sg8yg9i4 ай бұрын

    Маладес

  • @user-vk8yj5ps3p
    @user-vk8yj5ps3p3 жыл бұрын

    Wah wagty yzyna dolap bolsady klasdaş

  • @user-bu8nc7yr2h
    @user-bu8nc7yr2h4 ай бұрын

    Salam hemma Sul gosgy Mary welayatynyn Turkmengala etrabynda Doran gosgy okan Merdan tamada👏

  • @user-vk8yj5ps3p
    @user-vk8yj5ps3p Жыл бұрын

    Bir mahallar şadyýandym alçakdym wah bolmady şol bolşyma galjakdym 😥😒

  • @toylyagaberdiyew3928
    @toylyagaberdiyew39283 жыл бұрын

    Bir obada bir döwürde dogulduk Eý meniñ mähriban klaşdaşlarym Dogan däldik soñra dogan deý bolduk Eý meniñ mähriban klasdaşlarym. Käte geçenimde obañ çetinden Owaz gelýär ýapraklaryñ heñinden Keşbiñiz gözleýän ýaşlañ ýüzünden Eý meniñ mähriban klasdaşlarym. Häzir siziñ her biriñiz her ýerde Zähmet çekýärsiñiz her dürli kärde Siz hakda ýatlama ýaşaýar serde Eý meniñ mähriban klasdaşlarym.

  • @merdanagayev4098

    @merdanagayev4098

    3 жыл бұрын

    молодец

  • @adnanozdal5436
    @adnanozdal54363 жыл бұрын

    Sesiňe sağlık agam

  • @merdanagayev4098
    @merdanagayev40983 жыл бұрын

    молодец удачи

  • @zuleyhaamantaganova6630
    @zuleyhaamantaganova66303 жыл бұрын

    Bet 😔😔😔

  • @user-gx6gu9nx7y
    @user-gx6gu9nx7y5 ай бұрын

    Сагжа бол оканада язанада мыннетдар

  • @tawusatakowa1636
    @tawusatakowa16363 жыл бұрын

    👏👏👏👏👏👏

  • @user-qq3br1ne6s
    @user-qq3br1ne6s3 жыл бұрын

    Өран говы гошгы. Молодец. Видеоны отправит эдип билермисиңиз ном галдырайың өзим язайын.

  • @asiamedia42

    @asiamedia42

    3 жыл бұрын

    asiamedia42@gmail.com adresine yazyp mail arkaly hawarlaşyp bilersiniz

  • @polonya7228
    @polonya72282 жыл бұрын

    Aaah klasdaş

  • @user-uq9fj5gy4d
    @user-uq9fj5gy4d6 ай бұрын

    ❤❤❤❤❤

  • @orazgeldiyew469
    @orazgeldiyew4693 ай бұрын

    Nalysh etdim kem fewrala klasdash. 12.02.9_

  • @OvezOvezow
    @OvezOvezow27 күн бұрын

    вах бу гошгыны наче йыл гечседе динласин гелип дур тувелеме сизе

  • @AlysirDurdyyev
    @AlysirDurdyyevАй бұрын

    Сен Бир яндан чыкдын мен Бир яндан чиле душди арамыза класдаш

  • @ayperimahriban7949
    @ayperimahriban79493 жыл бұрын

    Awtory kim. Okayan kim bilyan bolsańyz jogap galdyrayyn 23.05.2021

  • @ahmetkabatas1113

    @ahmetkabatas1113

    2 жыл бұрын

    Awtory bayramalidan bir oglan

  • @ahmetkabatas1113

    @ahmetkabatas1113

    2 жыл бұрын

    Awtory bayramalidan

  • @kakajanatayew361

    @kakajanatayew361

    Жыл бұрын

    Gosgyny Yazan dayym oraznepes Bayramow bayramalydan

  • @bayrambayram7611
    @bayrambayram76113 жыл бұрын

    😳😳😳

  • @isgendermuhammetdurdyyew3115
    @isgendermuhammetdurdyyew31153 жыл бұрын

    Nätdaÿ bu çydar ÿala etmedi

  • @gurbanayjumayewa1694
    @gurbanayjumayewa16943 ай бұрын

    Душу задевает(((

  • @leoleo-cr9zd
    @leoleo-cr9zd3 жыл бұрын

    Dash

  • @stylesmile8203
    @stylesmile82033 жыл бұрын

    Gurbannazar ezizow

  • @tawusowezowa8635

    @tawusowezowa8635

    2 жыл бұрын

    Оз гошкысы

  • @ezizamanow3256
    @ezizamanow32562 жыл бұрын

    👍

  • @user-kv8sn1et3q
    @user-kv8sn1et3q12 күн бұрын

  • @begencannamyradow4951
    @begencannamyradow4951 Жыл бұрын

    Bu yazanın nali durmusu bar bilmedim yöne cyn soyupdur malades. Agam yone gowuşmansyn gynandym

  • @user-qy2kk2wx3n
    @user-qy2kk2wx3n2 ай бұрын

    Muhammet jennet diyip ayday gosgy men basga birine bardym olam basgany aldy men 4 gyzym bar dogan men aglap yaslygymy ilkinji soygimi yatladym

  • @ezizamanow3256
    @ezizamanow32562 жыл бұрын

    Gaty govy düzülipdir

  • @begencberdiyew44
    @begencberdiyew4421 күн бұрын

    😢😢😢😢

  • @user-lz7dy2tl8j
    @user-lz7dy2tl8j3 жыл бұрын

    Yaslygymy yada saldyn

  • @jemalyegennazarova2033

    @jemalyegennazarova2033

    2 жыл бұрын

    Berekella dòwletjan inim bu goşgyn diñláp okuwçy ýyllarymy ýatlatdy

  • @user-qd5go1re2p
    @user-qd5go1re2p2 ай бұрын

    Salam dost siz maryn niresinden at familyanyz name

  • @user-qf9fy1wi5x
    @user-qf9fy1wi5x11 ай бұрын

    Agalar Kim yazan gosgyny

  • @shatlykberdiyew1074
    @shatlykberdiyew10742 жыл бұрын

    Сагбол

  • @shatlykberdiyew1074

    @shatlykberdiyew1074

    2 жыл бұрын

    Бу гошгыны ким язды ады ким говы язан

  • @mamajanatayava4573
    @mamajanatayava4573 Жыл бұрын

    Goşgyny yazan adama bagt dileyan gynne dinlap gynne aglayan byny dinlap aglan kan bolmaly

  • @s.nnurgeldiyew9799

    @s.nnurgeldiyew9799

    Жыл бұрын

    Aramyzda yok gyzam oglanam

  • @user-dp1ol9ei6q
    @user-dp1ol9ei6q3 ай бұрын

    Söz ýok hiç hili. ŞAHYR ELIŇE DILIŇE SAGLYK

  • @AkmyratKasymow
    @AkmyratKasymow4 күн бұрын

    Meň iň gowy gorýan gosgym. Kerim agaň gosgylaryny ýadyma salýa. Sahyr omriň uzak bolsyn. Gozlerime ýas aýlandy diňlap bu gosgyny.😢

Келесі